Nesil terbiýesinde milli aýratynlyklar

15 Fewral 2023
694

Her halkyň özüne mahsus bolan hüý-häsiýeti, edim-gylymy, däp-dessurlary, adaty, milli-ahlak, etiki düzgünleri bolýar. Hut şol düzgünler milli terbiýäniň özeninidir. Ata-babalarymyz şeýle düzgün-kadalardan ugur alan nesil terbiýesine örän uly ähmiýet berip, ony kämil derejelere ýetiripdirler.

Pederlerimiz gadymyýetden terbiýe meselesine örän çuň üns berenleri üçin, terbiýelemegiň dürli ýollaryny we usullaryny hem oýlap tapypdyrlar. Halkymyzyň beden terbiýesi bilen ahlak terbiýesini utgaşykly alyp barmagy, geljekki watançy nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmaklary bilen bir hatarda, olaryň ýiti pähimli, ugurtapyjy bolup, paýhasly pikirlenip, dogry netije çykarmagy başarmaklaryna getiripdir.

Ýazjahan BABAÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 45-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar