Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za buý­sanç

12 Fewral 2023
1176

Sä­her bi­len pen­ji­rä­ni açyp, tö­we­re­ge seredersiň we­lin, kö­çe ug­run­da­ky ba­şy Gök di­re­ýän, ak mer­me­re bes­le­nen bi­na­la­ry, aja­ýyp gö­zel­lik­le­ri gör­mek bol­ýar. Yn­ha, üm­mül­mez säh­ra­syn­dan baş­lap, çeş­me­li­dir de­re­li dag­la­ry, ýa­şyl beg­res aty­nan düz­le­ri, jo­şup-jo­şup ak­ýan bol suw­ly der­ýa­la­ry diý­jek­mi... ju­da kän. Olar adam­za­dyň bar­mak bü­küp sa­naý­jak­la­ryn­dan örän köp­dür. Jen­ne­ti me­kan diý­le­ni-dä. On­soň bu me­kan­da ýa­şa­ýan hal­kyň ta­ry­hy şöh­rat­ly, şu gü­ni buý­sanç­ly, gel­je­gi röw­şen­dir.

Ta­ryh — syr­ly dün­ýä. Onuň sa­hap­la­ryn­da ata Wa­ta­ny­myz ha­kyn­da ha­ky­ka­ta öw­rü­len ni­çe­me ha­ky­da­lar bar. Öz top­ra­gyň, Di­ýa­ryň ha­kyn­da­ky gür­rüň­ler, ta­kyk mag­lu­mat­lar her bir yn­san üçin buý­sanç hem-de köp mer­te­be bol­sa ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­nyň, ar­heo­lo­gi­ýa­sy­nyň we et­no­lo­gi­ýa­sy­nyň me­se­le­le­ri­ni tä­ze esas­da düýp­li hem-de çuň­ňur öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len köp iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ugur­da­ky giň ge­rim­li baş­lan­gyç­la­ry hä­zir­ki wagt­da my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny çuň­ňur öw­ren­mä­ge, go­rap sak­la­ma­ga we wa­gyz et­mä­ge döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri­miz­de gi­ňiş­le­ýin ar­heo­lo­gik bar­lag­lar ge­çi­ri­lip, ta­ry­hy­my­zyň he­niz açyl­ma­dyk gat­la­ry­ny tä­ze mag­lu­mat­lar bi­len dol­dur­mak wa­jyp we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­ýär.

Na­zar­mäm­met BÄ­BI­ŞOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň har­by gul­luk­çy­sy, ma­ýor.
Beýleki habarlar