Bagtdan paýly zenanlar

10 Fewral 2023
799

Halkymyz gelin-gyzlarymyzy elmydama ýürek buýsanjyna, mukaddes tuguna deňäp gelipdir. Nusgawy şahyrlarymyz tarapyndan waspy ýetirilen gelin-gyzlaryň mertebesi mydama belentde tutulypdyr. Türkmen zenanlary, mährem enelerimiz bu günki gün kämilligiň nusgasy bolup, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly işleri alyp barýar, wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşýar. Dana ata-babalarymyz «Atadan ogla miras, eneden gyza» diýen pähimden ugur alyp, maşgalada nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Bu asylly däpler häzirki döwürde netijeli durmuşa ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzda zenanlaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny goramak, olary döwlet tarapyndan zerur bolan ýeňillikler bilen üpjün etmek babatda giň gerimli işler geçirilýär. Bu babatda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini aýratyn bellemek bolar. Bu Kanun döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygrynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepilliklerini belleýär. Häzirki wagtda döwlet edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça degişli çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleri bu kanunyň çäklerinde gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň we çäreleriň meýilnamasynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy.
Beýleki habarlar