Minaralar — binagärligiň göwher täji

2 Fewral 2023
1125

Milli Liderimiziň tagallalary bilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşulularynyň gatnaşmagynda sähetli anna güni gurluşygyna badalga berlen welaýatyň baş metjidiniň taslamasynda minaralaryň dördüsiniň göz öňünde tutulmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň kalplaryna aýratyn buýsanç çaýdy. Täze metjidiň boýy 114 metre ýetýän minaralary binagärlik sungatynyň bu ugurdaky naýbaşy nusgalarynyň biri bolar. Bu minaralarda ýokary tizlikli liftleriň, dürli dolandyryş, şol sanda ýörite duşuşyklarydyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen otaglaryň, olaryň biriniň 97 metr belentliginde syn ediş meýdançasynyň bolmagy bu täsin desganyň sebitde ilkinji gezek gurulýan «akylly» şäheriň ruhy nyşanyna öwrülmegine esas berer.

Ylmy maglumatlarda minaranyň iň irki nusgasynyň Muhammet pygamberiň howlusynyň mukaddes Käbe tarapyndaky burçunda beýikligi haýatdan biraz ýokary çykýan, basgançakly inedördül desga görnüşinde belli azançy Bilal Hebeşi tarapyndan gurlandygy ýazylýar. Yslamyň taryhynda ilkinji azançy bolan Bilalyň minaradan çar ýana ýaýran, ýakymly hem akgynly owaza ulaşyp ýaň salýan sesiniň başga dine uýýanlaryň hem yslamy kabul etmegine çagyryş bolandygy aýandyr. Şu jähetden, «minara» sözüniň arapçadan terjime edilende, «çar ýana ýaýraýan nur» diýilmegine-de ähmiýet bermegimiz zerur. Bu barada XI asyrda ýaşan beýik türkmen etnograf alymy Mahmyt Kaşgarly araplaryň «minara» sözüniň «diň» diýen gadymy oguz sözi bilen kökdeş bolup, «nar» we ýasalyş galybynda wagt ýa-da orun bildirýän «mi» goşulmasyndan ybaratdygy barada öňe sürýän pikiri has göwnejaýdyr. Belli dilşynas alym «ot, alaw» manysyndaky «na:ra» sözüniň «nur saçýan, uzaga yşyk berýän desga» diýmegi aňladýandygyny nygtap, öňki döwürlerde minarada namaz wagtyna çagyryş hökmünde yşyk ýakylandygyny tekrarlaýar. Ýeri gelende aýtsak, araplar häzirki wagtda-da deňziň maýagyna «minara» diýýärler.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.
Beýleki habarlar