«Gezsem, jahany görsem...”

25 Ýanwar 2023
896

13-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň 20-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Milli taryhy-medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen geçiriljek bu halkara maslahat ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmekde möhüm ähmiýetli waka bolar.

Diýarymyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalary maslahatyň taýýarlyk işlerine ilkinjileriň hatarynda girişdiler. Bu barada gyzyklanyp, habarçymyz syýahatçylyk hyzmatlaryny ýola goýup, baý tejribe toplan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Halkara dostluk» hususy kärhanasynyň işgärler bölüminiň başlygy Gözel MEREDOWA bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar