Abadançylygyň, asudalygyň, parahatçylygyň kepili

7 Dekabr 2022
737

Parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan Bitaraplyk hukuk derejämiz halkymyzyň milli däplerine we garaýyşlaryna laýyk gelýän ýörelgeleri özünde jemleýär. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrundaky tagallalary, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan başlangyçlary hem şol ýörelgelerden gözbaş alýar. Bu syýasatyň Ýer ýüzünde uly goldawa eýe bolýandygy örän buýsançlydyr.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini goldap çykyş eden dünýä döwletleri bu gün paýtagtymyzyň Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülendigine, güneşli Diýarymyzyň öz borçlaryna gyşarnyksyz eýerýändigine aýdyň göz ýetirýärler. Bitaraplygymyzyň ýörelgelerine eýermek bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar sebitde, şeýle-de tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýadyna öwrülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bitaraplyk ýörelgelerimiz täze derejä çykdy hem-de has çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Şeýlelikde, ol daşary syýasatymyzyň esasyny düzmek bilen, ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň asuda, abadan, eşretli ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga egsilmez güýç berýär.

Parahat Myradowa,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar