Hemişelik Bitaraplyk dünýä ýaň salýar

7 Dekabr 2022
661

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde halkymyzyň belent ynsanperwerligini äleme äşgär edýär. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen hoşniýetli, düşünişmek arkaly gatnaşyklary ýola goýup, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleriniň bu gün türkmeniň dünýäde Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagynda hem mynasyp orun tutýandygyna göz ýetirmek bolýar. Bitaraplyk syýasaty öz gözbaşyny milletimiziň taryhyndan we ruhy köklerinden alyp gaýdýar. Nesilbaşymyz Oguz han goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Halkymyzda: «Keçäňi satsaňam goňşyňa sat, üstünde özüň oturarsyň» diýlen söz bar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly: «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär, gylygyň bet bolsa işiň jeň bolar» diýse, Mollanepes: «Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, ol birine gep berip, ol birine al berme» diýipdir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanylýandygyny tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär, şeýle-de dünýäniň ykrar eden ylalaşdyryjy merkezleriniň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi biziň halkara hukugynyň ýörelgelerine pugta laýyklykda alyp barýan syýasatymyzyň aýdyňlygynyň kepilnamasydyr».

Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar