Mertebe sütüni

30 Noýabr 2022
615

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasy boldy. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy.

Döwlet baýdagymyzda Bitaraplygymyzyň alamaty bolan zeýtun baldajyklary şekillendirildi. Döwlet Senamyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bilen şöhlelendi. Halkara Bitaraplyk güni — ýurdumyzyň iň naýbaşy baýramlarynyň birine öwrüldi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen, 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi we degişli Kararnamany kabul etdi. Bu resminamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigi, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň orny bellenilýär.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar