Dünýä nusgalyk ýö­rel­ge­

29 Noýabr 2022
616

Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy döw­le­ti­mi­ze dün­ýä ýurt­la­ry bi­len hoş­ni­ýet­li dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem, ýur­du­myz özü­niň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­la­nyp, se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy gol­da­mak bo­ýun­ça nus­ga­lyk iş­le­ri­ni do­wam­ly alyp bar­ýar.

2007-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy boýunça paý­tag­ty­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi açyl­dy. Mer­kez se­bit döw­let­le­ri­niň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň dü­züm­le­ri­niň, şeý­le hem beý­le­ki gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri ba­bat­da öza­ra he­re­ket­le­ri­ni ut­gaş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Yn­ha, şu ýyl Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Mer­ke­zi Azi­ýa — pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň stra­te­gik we ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Ba­ba MY­RAT­BER­DI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň baş­ly­gy.
Beýleki habarlar