Bu gün türkmen halkynyň toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýar. Ynha, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 27 ýyl bolýar. Bu şanly sene türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň şuglasy bolup, taryhy ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baky bagtyýarlykda ýaşaýan halkymyz her bir baýramy şatlykly, dabaraly ýagdaýda mynasyp belläp geçýär.
Hemişelik Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan barha belent sepgitlere eýe bolýar. Bu günki gün ýurdumyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Ynha, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Şonuň ýaly-da, 2015-nji ýylyň iýun aýynda hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy taryhy mejlisinde 193 döwletiň ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň iki gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilendigini görkezýän taryhy çözgütdir.