Beýik mukaddeslik

24 Noýabr 2022
771

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, öýi ynsanyň özüni diňlemäge, köňül gözüniň aýan eden hakykaty hakynda özi bolup oýlanmaga mümkinçilik berýän ýerdir. Hut şonuň üçin hem il-halkymyz öý-ojagyň rahatlygyna hemişe sarpaly garaýar. Öýde seniň üçin iň mähribanlaryň, aladaňy edýän janköýerleriň bolmagy hem küýsegdir. Öýde mähir bar, söýgi bar, güýç-kuwwat bar. Öý-ojakda süňňüňe hem köňlüňe, kalbyňa hem ruhuňa ornaýan özboluşly ýylylyk bar. Ojagyň ýyly bolsa, bütin göwräňe, aňyňa, duýgyňa ýylylyk, nur çaýylýar. Ojak odunyň ýagtysy durmuşyňy ýagtyldýar. Bu ýagty ojakda mähriban, eziz perzentleriň dünýä inýär. Megerem, şu zatlar üçin hem ojak mukaddes saýylýandyr. Öz öýüňde duýýan mähir-muhabbetiňi başga hiç ýerde duýup bolmaýar.

Şeýle-de öý-ojak adamyň şahsyýetiniň, medeniýetiniň, zähmetsöýerliginiň, edep-terbiýesiniň, pederlerimiziň döwletli ýol-ýörelgeleriniň ýüze çykýan, kemala gelýän ýeri hasaplanýar. Aslynda, öý-ojak diýlende, agzybir, döwletli maşgala, pikirdeş ýanýoldaş, bagtly ene-ata, edepli çagalar, mylaýym ene hüwdüsi, durmuşyň lezzetli pursatlary, ynsanyýetiň ruhy-ahlak gymmatlyklary, owadan çagalyk dünýäsi hakydaňa gelýär.

Aýnabat ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar