Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz uly üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam edýär.
Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde oňyn başlangyçlary öňe sürýän, netijeli çözgütleri teklip edýän döwlet, iri halkara çäreleriň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, forumlaryň geçirilýän merkezi hökmünde tanalýar. Muňa mysal hökmünde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, VI Hazar sammitini, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty aýdyp bolar. Bu çäreler eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.