Maşgala mukaddesligi — baky ýörelge

9 Noýabr 2022
1072

Pederlerimizden gelýän halal we päk ýolumyzy döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli zähmet çekip, parahat, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde-de pederlerimiz ýaş nesli watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemegi özleriniň esasy wezipeleri hasaplapdyrlar. Häzirki döwürde bu ýörelge giň gerimde, üstünlikli dowam edilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar alada bilen gurşalyp, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, maksada okgunly, kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde hem maşgala gymmatlyklary goralyp saklanýar, maşgala agzybirligi, maşgala sütüniniň berk bolmagy ugrunda dürli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Gülnara GURBANOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň uly buhgalteri.
Beýleki habarlar