Perzendine mähir berer eneler

5 Noýabr 2022
1308

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «...gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr» diýen parasatly sözler bar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepä ýugrulan şu hikmetli sözlerinden aňlaýşyma görä, eneleriň dünýäsi ynsan ömrüniň tükeniksiz çeşmesidir, ajaýyp, täsin bir duýgusydyr. Adyndan taglymynyň «ýüzi» görnüp duran bu kitapda ene dünýäsiniň mähir-muhabbeti hut durmuşdan alnan maglumatlar bilen açylyp görkezilýär.

Çaga wagtymyz dädemiz mal yzynda gezýänligi üçin käteler 30 — 40 günläp öýe gara bermezdi. Biz ony zarlardyk, göresimiz gelerdi. Şonda ejem pahyr Bäbe gelnejemiň ulanan yrymyna eýerip, bize dädemiziň öýe gelende geýýän içi pagtaly güpbüsini ysgadyp, çaga ýüregimizi rahatlandyrardy.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär.
Beýleki habarlar