Mukaddes ojagyň synmaz sütüni

3 Noýabr 2022
1172

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda ähli taraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işler uly üstünliklere eýe bolýar. Jemgyýetimiziň esasy sütüni bolan maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, eneligi we çagalygy goramaga, sagdyn nesli kemala getirmäge berilýän ünsüň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýän wakalar hem döwrümiziň bezegidir.

«Zenan mähek daşydyr» diýlen pähime eýeren pederlerimiz zenanlara uly hormat goýup, olaryň jemgyýetde tutýan ornuna örän ýokary baha beripdirler. Munuň ajaýyp eýýamda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyna hemmämiz şaýat.

Bibijan Nurmämmedowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar