Ejemden çörek gelipdir

13 Sentýabr 2022
1496

Ol gün ejem örän bagtyýardy. Agamyň ýokary okuw mekdebine girip, talyplyga kabul edilendigi baradaky buşluk habary bilen öýe dolanmagy ejemiň başyny göge ýetirdi. Onuň kalbynda möwç urýan şatlyk şuglasyny uçganaklaýan gözlerinde görmek bolýardy.

Ejemiň töweregi işdä açyjy ysy bilen gurşap alan etli çöregini ählimiz bir saçagyň başyna üýşüp iýenimizden soň, agamyň alyp gitmeli goşlaryny taýýarlamaga girişdik. Ertir paýtagta gitmelidigini eşiden ejem kendirigini taýýarlap, çörek bişirmegiň ugruna çykdy. Ol süýt garylan hamyryna özüniň mähirini, arzuw-umytlaryny siňdirýän deýin, şeýlebir yhlasly hamyr ýugurdy. Soňra ejem tamdyrdan täzeje çykaran gyzgyn çöreklerini saçagyň üstüne ýazyp sowatdy-da, doganyma çörekleri hemişe saçaga dolap goýmalydygyny tabşyrdy. Şonda men perwaýsyzlyk bilen: «Wi-iý, ejemi, şunça çöregi ýük edip alyp gitmek hökmanmy?! Aşgabatda dükan doly çörek ahyry» diýip goýberenimi bilmän galdym. «Ejeň çöreginiň agramy bolmaz, gyzym» diýende sesiniň biraz ünjüli, öýkeli eşidilmeginiň sebäbine has soň, özüm talyp bolanymda düşündim.

Gülälek RAHYMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar