Sen barkaň, ýürekde orun ýok gama...

25 Awgust 2022
1880

Ene. Bu mähriban ynsan hakda söz açylanda, ilki bilen, mukaddes Käbe hakydaňa gelýär. Halkymyz taryhyň ähli döwründe-de enäni keramat derejesine göteripdir, olara tagzym edipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda näçe diýseň mysal bar. Onda şeýle diýilýär: «Türkmen halkynda «ata — Kybla», «ene — Käbe» diýilýär. Olar din-imanyňa, messebiňe, ynamyňa deňelýär. Ondan aňyrda bolsa, hiç zat ýokdur». Gahryman Arkadagymyzyň köküni gözbaşlardan alýan bu pikiri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Kaýda sen?» atly goşgusynda hem duş gelýär. Bu goşgy tutuşlygyna enä bagyşlanypdyr. Onda Pyragy «Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym kaýda sen?» diýmek bilen, öz enesini mukaddes ýerler bolan Mekge-Medinä deňeýär.

Enäniň mukaddeslige, keramata deňelmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi enäniň bar ýerinde rahatlyk bar, tämizlik bar, dokluk bar. Has dogrusy, adamzat dowamaty dowam edýär. Eneleriň barlygynda ynsan balasy dünýä inip, özüniň kimdigine, nämä ukyplydygyna, akyl-paýhas mümkinçiliginiň juda giňdigine göz ýetirýär. Ýaşaýşyň düýp manysyna düşünýär. Çünki bilimiň, edep-terbiýäniň ilkinji binýady ene göwresinden başlanyp, onuň barlygynda kämilleşýär.

Gurbanjemal ANNAKOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar