Zenan maşgalanyň gözelligi onuň akyl-paýhasynda, edep-ekramynda, ahlak arassalygynda we halal zähmetinde jemlenýär. Şeýle gözelligiň akabasy bolsa aslyhalal enelerimizden gaýdýar. Eneleriniň görüm-göreldesini, edep-terbiýesini özüne hemra edinen zenanlary, gelin-gyzlary göreniňde gözüň dokunýar. «Gyz edebi — il edebi» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Onuň aňyrsynda çuň many-mazmun bar. Zenan maşgala edepli bolanda, onuň ýetişdiren perzendi-de il içinde at-abraýa eýe bolýar.
Ata-babalarymyz: «Ene bir mekdepdir, eger ol perzendine oňat terbiýe berip bilse, gowy halk taýýarladygy bolýandyr» diýipdirler. Maşgalanyň binýadynyň berkligi, mizemezligi, kämilligi, hakykatdan hem, enä baglydyr. Berk binýatdan çykyp kemala gelen ogul-gyz bolsa döwletiň sarsmaz diregi we sütünidir. Maşgalanyň abadanlygy we berkligi her bir ene-atanyň arzuwy, islegi we maksady bolup durýar. Ata-ene özüniň oglunyň ýa-da gyzynyň bagtly bolmagyny, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw edip gezýär. Olar öz çagalarynyň akylly-başly, edepli-terbiýeli, il-güne gerekli adam bolup ýetişmegi üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýärler, alada edýärler. Haçan-da şol zähmeti ýerine düşende bolsa, ene-atanyň begenjiniň, guwanjynyň çägi bolmaýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby arkaly hem anyk göz ýetirmek bolýar.