Ene — dünýäniň göwheri

16 Awgust 2022
771

Enäniň mähri bişiren tagamy, ýylgyryşy, şirin sözi... garaz, ene bilen baglanyşykly ähli zat seni ruhubelentlige, durmuşa bolan söýgä, arzuwlaryň hem hyýallaryň çäksiz ummanyna, bimöçber belent üstünliklere äkidýär. Şu zatlary görüp, bilip durkaň, neneň, enä keramat diýmejek?!

Hawa, dünýäde enäniň eliniň emi, diliniň melhemi bilen bäsleşip biljek hiç zat ýok bolsa gerek. Şonuň üçin-de, ene öz çagasy üçin iň güýçli lukmandyr. Kähalat başyň agyryp, baldyryň syzlanda ejeň ýanyna baryp, onuň gudratly ellerini maňlaýyňa, agyrýan ýeriňe goýsaň, derdiň ýom-ýok bolan ýaly bolaýýar. Şonuň üçin-de, dokuz aý göwresinde göterip, ýüreginden kuwwat beren enäni sen hem oňa perzent hökmünde ýüregiň töründen orun bermäge borçlusyň!

Gülsere KUŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar