Halkara ähmiýetli awtomobil köprüsi

12 Awgust 2022
1871

8-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ol desga Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurlar.

Köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine dikuçarda gelen döwlet Baştutanymyz şanly waka mynasybetli ýörite gurnalan bina baryp, ol ýerde awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli ugurlar boýunça orunbasary döwlet Baştutanymyza ýolgurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, şekil taslamalarynyň üsti bilen Diýarymyzyň halkara ulag geçelgeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.

«Watan».
Beýleki habarlar