Çagalaryň şatlygy egsilmez

5 Awgust 2022
1019

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 29-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, beýleki möhüm çäreler bilen bir hatarda, awgust aýynyň 5-ne Esenguly şäherinde «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga beriljekdigini aýdanda, buýsanjymyzyň çägi bolmady. Bu hoş habar kalbymyzy ýakymly ýatlamalardan doldurdy.

Esengulynyň etrap merkeziniň çägindäki tarp ýerde dörän bu täsin şäherçäni emele getirýän haly fabrigidir medeniýet merkezi, çagalar bagydyr mekdep, sport toplumydyr bäbekhanasy hem bolan hassahana, etrap häkimliginiň edara jaýydyr etrap elektroaragatnaşyk kärhanasy, ýaşaýyş jaýlarydyr söwda merkezi... Esengulynyň her bir ýaşaýjysynyň buýsanjydyr.

Meretdurdy KITJIMOW,
TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar