Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ulag we logistika Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini döretmegiň esasydyr

6 Awgust 2022
594

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar.

Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada — kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir diýip hasaplaýaryn. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňzi we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy tassyklanyldy.

Beýleki habarlar