Dostlukly döwletlere syýahat

11 Maý 2022
1777

Türkmen akyldaryny sarpalap

Türkmen edebiýatynda özüniň şahyrana döredijiligi bilen öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine dünýäniň halklary uly sarpa goýýar. Goňşy Özbegistan döwletinde hem türkmen şahyrynyň hormatyna birnäçe ýadygärlikler bina edildi. Özbegistanyň iki şäherinde Daşkentde we Hywada türkmeniň akyldar şahyrynyň ýadygärligi ýerleşýär. 2017-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentdäki Magtymgulynyň ady dakylan köçede türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy. Magtymgulynyň okap, bilim alan, «Gözel Şirgazy» diýip waspyny ýetiren medresesiniň ýerleşýän şäherindäki, ýagny Hywadaky Magtymgulynyň ýadygärligi bolsa baryp-ha 1996-njy ýylda açylypdy. Özbegistanyň paýtagtynda 2018-nji ýylda açylan «Aşgabat» seýilgähi iki dostlukly döwletiň mizemez dostlugynyň nyşany bolup, daşkentlileriň we şähere gelýän myhmanlaryň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar