23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly IV Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmagy, şeýle-de ekologiýany goramak meseleleri boýunça 25-nji aprelde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänamanyň berilmegi daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek babatda döwlet Baştutanymyzyň edýän tagallalarynyň halkara derejesinde ýokary baha berilýändiginiň beýanyna öwrüldi.
Tebigatyň gözelligi ynsanyň ruhuny galkyndyrýar, şähdini açýar. Merjen paýtagtymyza seýle çykaňda ajaýyp keşbe eýe bolan ýaşyl baglaryň, şadyýan tansy ýadyňa salýan suw çüwdürimleriň sazlaşygy şäheriň gözelligine görk goşýar. Şonuň üçin hem ekologiýa syýasaty baş şäherimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda esasy ugur bolup, paýtagtymyzda adamlaryň abadan durmuşy üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çäreleri şertlendirýär. Şeýle giň möçberli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabatda ajaýyp gök we tokaý zolaklary döredildi, olaryň çägi barha giňeldilýär. Dürli görnüşli baglary, bezeg ösümlikleri, gülleri hem-de beýleki bezegleri bilen göreni haýrana goýýan ajaýyp seýilgähler ak mermerli türkmen paýtagtynyň hakyky bezegine öwrüldi.