Suwa elýeterlilik — adamzadyň mizemez hukugy

26 Aprel 2022
1197

Hormatly Prezidentimiziň Suw sammitindäki çykyşyndan soňky oýlanmalar

Alymlar Ýer ýüzünde ilkinji ýaşaýşyň hut suwly gurşawda emele gelendigini tassyklaýarlar. Zeminiň 70 göterimden gowragyny suw düzýär. Adam bedeniniň hem 60 — 85 göterimi suwdan ybarat. Iň täsini — biziň beýnimizem 90 göterim suwdan durýar. «Suw — ýaşaýyş» diýilmeginiň asyl sebäbem, ine, şunda jemlenýär. Şular hakynda oýlanýarkaň, meşhur fransuz ýazyjysy Antuan de Sent-Ekzýuperiniň: «Suw, saňa ýaşaýyş üçin zerur diýmek bolmaz: seniň özüň — ýaşaýyş» diýen setirlerini ýatlanyňy duýman galýarsyň...

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar