«Ene — döwletlilik»

5 Aprel 2022
1925

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny wagyz etmek, onuň terbiýeçilik ähmiýetini giňden açyp görkezmek, ýurdumyzda eziz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasyny beýan etmek maksady bilen yglan edilen bäsleşik şeýle atlandyryldy. 5-nji aprelde Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşyp, şertleriň üçüsi boýunça özara bäsleşdiler.

«Ene — döwletlilik» atly bäsleşigiň «Ene her bir ynsan üçin ýakymly hem lezzetli hakyda» atly birinji şertinde zenanlar çagalaryny ene mähri bilen ulaldyp, watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän eneler baradaky buýsançly gürrüňlerini mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk durmuş ýoly bilen baglanyşdyrdylar. Bäsleşigiň «Çaga terbiýesinde hüwdiniň gudraty» atly ikinji şertinde eneleriň ýürek arzuwlary siňen owazly hüwdüler belentden ýaňlandy. «Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly» atly üçünji şertinde bäsleşige gatnaşyjylar ajaýyp zamanamyza, döwletli döwranymyza buýsançlaryny gazallaryň, aýdymlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar