Nur eçilýän aý

31 Mart 2022
1545

Milli hem ruhy mirasyny gymmatly hazyna saýýan halkymyz aýlaryň serweri, musulman ymmatynyň ýagşy umyt-arzuwlarynyň, päk niýetleriniň wysal bolýan Oraza aýyny garşylaýar.

Mukaddes Oraza aýynda dost-doganlyk gatnaşyklary mäkämleşýär. Haýyr-sogap, ýagşylyk köňülleri birleşdirýär. Hijri-kamary hasaby boýunça onunjy bolup gelýän Remezan aýy haýyr-sogap gazanmak üçin uly mümkinçilikleriň bagyş edilendigi bilen has-da söýgülenýär, ýylboýy garaşylýar. Kalbyňda niýet edip, daň ýeriniň agarmaga başlan çagyndan tä Gün ýaşýança iýip-içmekden we ýaramaz pikirlerden daş durmak — agyz beklemek her bir musulmanyň bagt gapysyna tarap ädim ätmegidir. Hijri-kamary hasabynyň ikinji ýylynda parz edilen oraza tutmagyň — agyz beklemegiň esasy maksady Allanyň razylygyny gazanmakdyr. Onuň ruhy we beden saglygy üçin-de peýdasy bimöçberdir. Ýaramaz hereketlerden, endiklerden saklanmak barada Hadysda şeýle diýilýär: «Oraza bir galkandyr, onda agzy bekli kişi erbet söz aýtmasyn. Özi bilen dawalaşyp gowga çykarmak isleýän kişä iki gezek gaýtalap: «Men orazaly» diýsin».

Perman ÝUSUPOW,
Kaka etrabynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar