Maşgala agzybirligi — bagta binýat

31 Mart 2022
1663

Maşgala döwletiň we jemgyýetiň ilkinji düzümi hasaplanýar. Perzendini akylly-başly, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar» diýip belleýär.

Döwletimizde adam hem-de onuň bagtly geljegini üpjün etjek ýaş nesil jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edilýär. Şonuň üçin hem ýaş neslimizi ata-babalarymyzyň bize miras goýan belent adamkärçilik kadalaryna, ahlak gözelligine daýanyp, päk kalply, ynsanperwer, Watanyna, halkyna wepaly adamlar edip terbiýelemelidiris. «Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläpdirler. Halkymyz çaga edebinde ruhy we beden taýdan sagdynlyk, päk ahlaklylyk ýörelgelerine daýanýar we şol ýoluň inçe syrlaryny gitdigiçe kämilleşdirýär, millileşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bähbidine gönükdirilen esasy tagallalarynyň biri bolup durýar.

Oguljemal GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň maglumatlary seljeriş bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar