Sözleri şirin ene

18 Mart 2022
2216

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowa segseniň onunda gezip ýören ene. Onuň bilen çagalykdan kalbynda mekan tutan halyçylyk sungaty barada gürrüň etdigiňçe, söhbediň uzap barýar. Ese-boýa galan gyzjagaz üçin ejesi Ogulnabat ejäniň dürli reňkdäki sapaklary erişleriň arasyndan çalasynlyk bilen geçirip, nagyş döredişi, ol nagşy emele getirýän çitimleriň bolsa günsaýyn köpelip, halynyň ýüzünde gölleriň emele gelşi geňdi. Gurbangözel üçin eline keser alyp, gölleri çitip başlan güni durmuşynyň iň bagtly pursatlarydy.

— Asyl-ha, Bäherden, Gökdepe etraplarynyň gelin-gyzlary her bir döwürde-de haly, palas dokamagyň, el işlerini etmegiň ussatlary hasaplanypdyr. Iňňeden çykma kürteleri, çyrpylary keşdelemekde hem olar hiç kimi öňüne geçirmändir. Syn edip görseňiz, gelin-gyzlaryň aglabasy bu hünäri özüne hemra edinendir. Şeýle bolansoň, bu sungat ýyllar aşyp, şu günlere özüniň asyl keşbi, müdimiligi bilen gelip ýetdi — diýip, Gurbangözel ene aýdýar.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar