115 ýaşly mährem ene

12 Mart 2022
1795

Gülgün baharyň elwan günlerinde bu döwletli ojak ýene-de mähir-muhabbetli görnüşe dolup, toý şatlygy bilen gurşaldy. Giň ýaýrawly, döwletli maşgalanyň ogul-gyzlary, barça nebereleri jem bolup, 115 ýaşa gadam basan enäni mähribanlygyň gözel baýramy bilen gutladylar. Oýanyp başlan tebigatyň ýagty durky bilen has gözelleşýän pursatynda mährem ene uly maşgalanyň ähli agzalarynyň ýakymly aladalaryny hem guwanjyny ýaşyna görä tutnakly görünýän göwresinde jemleýär. Ol öýüň törüne müdimi gonan bagta meňzeýär...

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynda ýaşaýan Sarygül Mätiýewa bu ojakda hem ata, hem ene ornunda bolup, öýüň söýegi, maşgalanyň söýenidir. Perzentleriniň bagtly durmuşyna guwanmak enäniň ýaşyna ýaş goşýar. Sarygül enäniň ogul-gyzlary döwletli ojak gurdular. Uzak ýaş — tebigatdan ynsana peşgeş berlen bagtyň iň ulusy.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar