Terbiýe mukaddesdir

2 Mart 2022
1751

Şahsyýetiň ahlak kadalaryna laýyklykda, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara baha bermegi we şoňa görä hereket etmegi netijesinde ahlak keşbi kemala gelýär. Ýokary ahlakly adam her hili kyn şertlerde hem ejizlemän, halal ýaşamaga çalyşýar, arassa gazanjynyň hasabyna eklenýär, şol ruhda hem çagalaryny terbiýeleýär, elmydama döwletiň kanunlarynyň öňünde şahsy jogapkärçiligini duýup, olara hormat goýup ýaşaýar hem-de kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şeýle ýokary ahlakly halkyň döwlet binýady hem berk bolýar. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň bitiren beýik işleri bu gün halkymyzyň durmuşynda has aýdyň duýulýar.

Ynsanyň ahlak terbiýesi maşgala ojagyndan başlanýar, mekdep ýyllarynda dowam etdirilýär, soňra şahsyýet ahlak sapaklaryny jemgyýetden özbaşdak alyp başlaýar. Türkmen jemgyýetinde edepli bolmak, arassa, halal ýaşamak, zähmeti söýmek dowamly öwredilýär we ýaşlaryň aňyna guýulýar. Elbetde, bu meselede maşgalanyň we mekdep mugallymlarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär.

Aýbölek NURSÄHEDOWA,
Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar