Ösümlik dünýäsi baýlaşýar

9 Fewral 2022
1045

Türkmenistanyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Tokaý maksatnamasy ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, tokaýlaryň goraglylygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda bu ugurdan geçirilýän çäreleriň göwnejaý guralmagynyň netijesinde goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi hem baýlaşýar.

— Meýilnama laýyklykda goraghananyň çäklerinde her ýylda dürli nahallaryň 14 müň düýbi ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl sazagyň 10 müň, sözeniň 3 müň, igdäniň 1 müň düýbi taýýarlanylyp, goraghananyň çäklerinde oturdyldy. Türkmenabatdyň Halkara howa menziliniň töwereginde biziň nahalhanamyzda ýetişdirilen çöl ösümlikler ekildi. Olar menzili çägelerden goramak üçin gorag bolup hyzmat edýär. Goraghananyň tokaýlarynda ýaşaýan sugunlaryň sany 130-a ýetdi. Häzirki wagtda ylmy işgärlerimiz sugunlary we uçup geçýän, gyşlaýan suw batgalyk guşlaryna gözegçilik etmek bilen, olary ylmy taýdan öwrenmek işlerini alyp barýarlar — diýip, goraghananyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow gürrüň berýär.

Hudaýberen PALEKEÝEW.
Beýleki habarlar