Tebigy baýlyklar — halkyň hazynasy

27 Ýanwar 2022
1452

Umumy öýümiz bolan bu gözel tebigaty dowamat-dowam edýän, ony ähli görki hem durky bilen asyrlardan-asyrlara aşyryp, nesillerden-nesillere ýetirýän güýç adamyň öz dogup-dörän topragyna söýgüsidir. Daş-töweregimizi gurşap alan tebigat gymmatlyklaryna ata-babalarymyz hem örän aýawly garapdyrlar. Türkmen halk döredijiliginde-de, nusgawy edebiýatymyzda-da ynsanyň tebigata, tebigatyň hem ynsana howandar çykyp, biri-birini halas edýän ýagdaýlaryna mysallary näçe diýseň tapmak mümkin. Bu sazlaşygyň aňyrsyndaky mukaddes hakykat tebigata bolan söýginiň Watana söýgi bilen aýrylmaz baglylygydyr. Şoňa görä-de, bu ugurdaky işler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem-de goramak babatdaky tagallalar örän giň gerimlidir. Şol işleriň hatarynda döwletimiziň aw edilýän meýdanlaryny goramak we netijeli ulanmak boýunça çäreler görülýär. Ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň görnüşlerini goramak we sanyny artdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk esasyny talabalaýyk getirmek maksady bilen, geçen ýyl «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun aw awlamak we aw baýlyklaryny gorap saklamak, dikeltmek, köpeltmek we durnukly peýdalanmak babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de olar bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Nurberdi IŞANOW,
Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň aw meýdanlarynyň gorag gözegçisi.
Beýleki habarlar