Ýaýlasy ýaýlymly Ýerbent

26 Ýanwar 2022
1083

Paýtagtdan ugranyňda Ýerbende çenli esli ýol bar. Asty altyn, üsti ýalkym Garagumuň ezber nakgaşyň çeken suratyna çalymdaş görnüşine — sazakly-selinli ýerlere, gözüňe kaklyşyp gidýän çopan goşlaryna, uzaklara ýaýylyp gidýän çäge alaňlaryna ünsüňi baglaýşyňa, ol ýere nädip ýeteniňi duýman galýarsyň.

Biziň myhman bolan ýerimiz ýaşuly — Hommat agalar boldy. Uzak ömrüne sürüji bolup işläp, gum obalarynda aýagynyň basmadyk ýeri galmadyk Hommat Durdy ogly sährada bitýän seýrek ösümlikler, guýular, guş-gumrular hakda bilmek isleýän zatlarymyzy aýdanymyzda, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýip, biziň bilen syrly Garagumuň oýlaryna tarap ýola düşdi.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
mirasgär.
Beýleki habarlar