Iri ýangyç elektrik stansiýasy

17 Ýanwar 2022
1239

Hytaýyň Tuoketuo ýangyç elektrik stansiýasy dünýäde iň ulularyň biridir. Onuň kuwwatlygy müňlerçe megawatta deňdir. Ol özünde energiýa bloklarynyň bäşisini jemleýär. Olar, öz gezeginde, her haýsy 600 megawatt kuwwatlygy bolan iki bölege bölünýär. Stansiýa özüniň işlemegi üçin zerur bolan elektrik energiýasyny öndürmekde goşmaça her haýsy 600 megawatt kuwwatlykly iki sany bölege eýedir.

Stansiýanyň gurluşygyna sarp edilen wagt özboluşly rekord tizlige eýedir. Onuň işlemegi we elektrik energiýasyny öndürmegi üçin ondan 50 kilometr aradaşlykda ýerleşýän känden kömür gazylyp alynýar. Suwa bolan zerurlyk hem stansiýadan, bary-ýogy, 12 kilometr aradaşlykda ýerleşýän Sary derýanyň hasabyna üpjün edilýär.

Taýýarlan Resul MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar