Gyş gülleriniň gözelligi

10 Ýanwar 2022
2376

Her paslyň öz owadanlygy, gözelligi bar. Gyş pasly özüniň akja gary bilen tebigatyň gözelligine görk goşsa, gyşda gül açýan gülleriň, ösümlikleriň hem ajaýyplygy daş-töweregi gaýtalanmajak keşbe getirýär.
Adatça, gyş paslynyň gelmegi bilen gülleriň reňki solmaga mähetdel bolýar, käbir güller gyş ukusyna gidýär. Ýöne olaryň arasynda hem gyşda gülläp, gül açýan dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar. Diňe şol gülleriň ajaýyp ysy we dürli öwüşginleri bilen gyş paslynyň aňzakly gününde hem ýaz paslynyň ajaýyp ýakymyny duýmak bolýar.
Geliň, şeýle gülleriň käbirleri bilen tanyş bolalyň:

«Puansetti» gülüniň dürli görnüşlerini söwda merkezlerinde görüp bilersiňiz. Bu gül başgaça «Täze ýyl ýyldyzy» ýa-da «Ýyldyz» diýlip atlandyrylýar. Gülüň esasy aýratynlygy ýapraklarynyň dürli reňkde bolmagydyr, ýapraklary ösümligiň gülüne meňzeýär, aslynda onuň güli ýapragynyň ujunda ýerleşýär.

Jennetgül ORAZOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar