Täsinlikler dünýäsi

4 Ýanwar 2022
2017

Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsi köpdürlüligi bilen tapawutlanyp, beýleki ýurtlaryň tebigatyna mahsus bolmadyk gülleriň, ösümlikleriň örän köp görnüşiniň ösmegi Hak nazary siňen ata Watanymyza bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar. Ol ösümlikleriň biri hem alyç gyrymsy agajydyr. Köp dürli agaçlar bilen bir hatarda, alyçlar açyk güneşli ýerlerde gowy ösýär, yssa we guraklyga çydamlylygy, howanyň hapalanmagyna, zeper ýetirijilere durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Alyçlaryň ýaşyl zolaklary baýlaşdyrmak, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ulanmak we dermanlyk häsiýetini öwrenmek uly gyzyklanma eýedir. Bu agaç Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň, Gündogar we Orta Aziýanyň tebigy dünýäsiniň wekilidir. Alyçlar bezeg berýän dermanlyk we miweli ösümlik häsiýetleri bilen özüne çekýär. Alyçlaryň dermanlyk häsiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen alyçy, türküstan alyçy, şübheli alyç ýaly görnüşleri bar. Olaryň käbiriniň, meselem, pontiň alyçynyň tagamly miweleri bolup, olar Günorta-Günbatar we Merkezi Köpetdagda, şeýle-de Köýtendagda ýabany şertlerde ösýär. Alyçlar gülleýän we miweleýän möwsüminde örän owadan görnüşe eýe bolýar. Gülleýän döwründe ösümligiň üsti ak güller bilen örtülýär. Ol bezeg beriji ösümlik bilen birlikde, dermanlyk häsiýetine-de eýedir.

Rejep KARADURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-bölüm müdiri.
Beýleki habarlar