Maşgala gymmatlyklarynyň sarpasy

28 Dekabr 2021
2329

Maşgala — her bir ynsanyň iň eziz görüp, mukaddes hasaplaýan ojagy hökmünde sarpalanýar. Maşgalada agzybirlik bolup, asudalykda ýaşamak adamyň esasy maksatlarynyň biridir. Maşgala hukuk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagy, goralmagy babatynda hereket edýän hukuk namalarda, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirmek döwletimiziň durmuş syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Şu ýylyň 30-njy oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 15-nji maslahatynda raýatlaryň we döwletiň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň berjaý edilmegine gönükdirilen meseleler esasy üns merkezinde boldy. Maslahatyň dowamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam berjek hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Bu babatda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berilmegi wajypdyr. Çünki bu hukuk namalaryň güýje girizilmegi ýurdumyzda köp çagaly maşgalalaryň durmuş-üpjünçilik ýagdaýyny öňküden-de gowulandyrmaga goldaw bolar. Has takygy, şol maşgalalaryň maddy-üpjünçilik mümkinçilikleriniň giňemegine şertleri döreder.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda hem köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olara goldaw bermek we höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeklige ünsi çekmek bilen, bu işleri kanunçylyk esasynda berkitmegiň derwaýysdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmegiň zerurlygy dogrusynda bellenildi. Bu jähetden, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmagyň, şeýle hem sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny beýan etdi. Şol sanda çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, ýagny bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam etjekdigine aýratyn ähmiýet berilmeginiň özi, ýurdumyzyň raýatlarynyň, aýratyn-da, zenanlaryň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar