Otag güllerine ideg

28 Dekabr 2021
3934

Gyşdan başga ýylyň islendik paslynda otag güllerini göçüriş işlerini geçirip bilersiňiz. Gülleriň oýanyp, aňsat uýgunlaşýan wagty bahar paslydyr. Haçan-da toprak gataşyp, çalt gurap, gül kökleri güldanyň aşaky deşijeklerinden çykyp başlanda otag gülleriniň topragyny täzeläp, başga güldana geçirmeli. Artykmaç suwuň berilmegi, zyýan beriji mör-möjekleriň peýda bolmagy, nädogry toýun garyndysy, ýokumly maddalaryň azalmagy kökleriň çüýremegine sebäp bolýar. Şeýle şertler gülleriň ösüşini togtadyp biler.

* * *

Merjen ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar