Rysgal-berekediň ýyly

28 Dekabr 2021
2180

Aýlanyp duran günler, aýlar, ýyllar paý nesibesi bilen adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyna, ykbalyna, bagtyna, saglygyna, rysgal-döwletine öz täsirini ýetirýär. 2022-nji ýyl müçenama hasaby boýunça bars ýyly hasaplanýar. Gündogarda müçe ýyllary öz häsiýeti boýunça bäş topara bölünýär, olar: ot, suw, howa, metal, toprak bolup, bars ýyly tebigaty boýunça suw hasaplanýar. Bu ýyl reňki boýunça-da gök (suwuň) reňke eýe bolup, ynsana tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy ündeýär.

Ýyldyznama ylmynda hünärmenleriň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylda ygal köp ýagyp, daýhan yhlas etse, miweli baglaryň, bakja ekinleriniň, gallanyň we pagtanyň bol hasyl berjekdigi, bars ýylynda doglan çagalaryň bolsa owadan, dogumly boljakdygy nygtalýar. Bu ýylda doglan çagalary ene-atalary nägile bolmaz ýaly, oýlanman gahar-gazaba özüni aldyrmaz ýaly häsiýetde terbiýeleseler, olaryň sagdyn, bagtly bolup uzak ýaşajakdyklary beýan edilipdir.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar