Asman astynyň daşy

28 Dekabr 2021
1635

Zergärçilikde dürli daşlaryň, esasan, zenan bezegleri üçin ulanylýandygy hemmä mälim hakykatdyr. Ýöne şeýle ýagdaýyň bardygyna garamazdan, islendik zada ýaramly edip ýasap bolýan daşlaryň biri nefrit daşydyr. Çyn-Maçyn ülkesinde onuň meşhurlygy diňe bir geçmişde däl, eýsem, geljek üçin hem synagdan geçipdir. Ol bahasyny hiç ýitirmän, wagt gözünde baky galjakdygyny bireýýäm subut edipdir. Muňa degişli bu ilde şeýle bir aýtgy bar. «Eger altyn gymmat bolsa, onda nefridiň belli bir bahasy ýokdur» diýilýär.

Hytaýdan gaýdan her bir syýahatçynyň hökman nefrit daşyndan edilen dürli görnüşli ýadygärlik sowgatly gaýdýandyklaryny aýdýarlar. Sebäbi bu ülkäniň aýak basan künjegiňde nefritden edilen şekilleri görmek bolýar. Hatda ondan edinmek her bir hytaýly üçin uly borç hasaplanylýar. Onuň aýratynlygyny bäş tapawutlylyk bilen nygtaýarlar. Ýagny onuň täsin öwüşgini bilen halallyk, danalyk, päklik we berklik ýaly alamatlary özünde götermegidir. Esasan, nefridiň hytaýyň dört welaýatynda duş gelýändigini aýdýarlar. Olaryň gyzyl we sary reňklilerine garanyňda, ak reňklä isleg ýokary bolýar. Ýöne seýrek duş gelinýän ýaşyl nefrit üýtgeşik ýalpyldysy bilen beýlekilerden tapawutlanýar.

Taýýarlan Mähriban GELENOWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar