Bars ýylynyň häsiýetleri

28 Dekabr 2021
3086

Täze, 2022-nji — bars ýylyny garşylanymyzda barsda mylaýym häsiýeti oýandyrmak üçin nähili lybas geýmeli, öýümizi, desterhanymyzy nämeler bilen bezemeli? Köp garaşylan Täze — bars ýylynyň gelmegi bilen bu soraglar her bir adamy gyzyklandyrýar. Eýsem, bars ýylynyň umumy häsiýetleri nämede jemlenýärkä?

Rowaýata görä, ala-mula ýyrtyjy bars özüniň güýjüne we kuwwatyna daýanmak bilen, täleýnamanyň sanawynda birinji boljakdygyna ynanýar. Emma bu orny hilegär syçan eýeleýär, zähmetsöýer we armazak sygyr ikinji, bars bolsa üçünji orny eýeleýär. Bars şonda-da başyny belent tutýar. Häsiýetinde erjellik, gujur-gaýrat, ýyndamlyk jemlenen barsy haýwanlaryň soltany hasaplaýarlar. Ol gahar-gazaby kowýan güýjüň nyşanydyr.

Taýýarlan Ogulbaýram REJEBOWA.
Beýleki habarlar