Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2022-nji ýyl Ýanwar

28 Dekabr 2021
8984

1.HAMAL (GUZY 21.03—20.04)

Täze ýyl hamallar üçin şowly bolmagyna garaşylýar. Ýanwar aýynyň birinji ýarymy hamallar üçin düşümli bolar. Durmuşyňyzda boljak şowly pursatlar köpleri haýran eder. Hamallar bu döwürde özlerini alyp barmakda ozalky ýörelgelerine eýermeli we sabyr-takatly bolmaly. Olar işe bolan höwesini gaçyrmaly däldirler. Aýyň ikinji ýarymynda hamallara gyzykly duşuşyklar garaşýar. Şol duşuşykda täze ýyl boýunça siziň işiňizi kesgitläp biler. Ýanwar aýynda olar dynç almaga wagt tapar we tutuş ýyl boýunça zähmet çekmäge taýýarlyk görerler, dürli meýilnamalary düzerler. Ýanwar aýy at-abraýyňyzy galdyrmakda, kärdeşleriňiz bilen dil tapyşmakda has oňaýlydyr. Sarp edýän serişdeleriňizi tygşytlamak, olary peýdaly zatlara sarp etmek maslahat berilýär.

Beýleki habarlar