Ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

25 Dekabr 2021
1695

Täze taryhy eýýamda sanly ulgama geçmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ilkinji nobatda ilatyň iş bilen üpjünçiligini, raýatlaryň zähmet öndürijiligini we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu babatda durmuş ulgamynyň işini öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda sanlylaşdyrmak örän derwaýysdyr. Diýarymyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli tagallalar möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça ýokary netijeleriň gazanylýandygyna güwä geçýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşykly ýurdumyzda kabul edilen konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna düýpli itergi berdi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegidir. Ikinji maksady önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. Häzirki döwürde ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine şert döredýär. Munuň özi ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Begenç KULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar