Abadan ýaşaýşyň çeşmesi

24 Dekabr 2021
1164

Garaşsyz, baky bitarap ýurdumyzda günsaýyn gözelleşýän gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini aýawly saklamaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek bilen bagly meseleleriň çözgüdine aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Tebigat — bu umumadamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki üpjünçiligine baglydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Güljahan HOJAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar