Sagdyn durmuşyň güwäsi

23 Dekabr 2021
1309

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda eziz Diýarymyzda gözel tebigatymyzy gorap saklamak bilen bagly uly işler amala aşyrylýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunlarda berkidilen daşky gurşawy goramagyň ýörelgelerine esaslanýar. «Tebigaty goramak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Radiasiýa howpsuzlygy hakynda» ýaly birnäçe Kanunlaryň kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasy başlangyçlary ýurdumyzy çalt depginler bilen durnukly ösüşe tarap alyp barýar. Amatly daşky gurşawy, ýagny halk hojalyk obýektleriniň ekologik howpsuzlygyny, ilatyň saglygynyň goragyny, hapalanmanyň öňüniň alynmagyny, ekologik ulgamlaryň durnukly işlemegini, tebigy serişdeleriň gaýtadan dikeldilmegini, rejeli peýdalanmagyny üpjün edýän, milli kanunçylygymyz bilen halkara hukugynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary utgaşdyrylyp, bu ugurdaky işler sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar.

Mekan BORJAKOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň işgäri.
Beýleki habarlar