Akylly öý üçin planşet taýýarlaýar

21 Dekabr 2021
1309

«Apple» korporasiýasy akylly öý üçin niýetlenen täze planşet taýýarlaýar. Şeýle-de bolsa häzirki wagtda korporasiýa akylly öý bazarynda öz ornuny giňeldip bilenok. Şonuň üçin tehnologiýa ägirdi bu ugurda öňe saýlanmak üçin akylly öýlere niýetlenen uly ekranly ykjam planşet işläp başlady.

Hünärmenleriň bellemegine görä, täze model hemmetaraplaýyn kämil enjam bolar. Ol ýörite programma üpjünçiligi bilen yzygiderli işlemek üçin güýçli prosessore eýe bolar. Enjam korporasiýanyň akylly öý bazarynda öňde goýýan maksatlaryny amala aşyrmakda netijeli bolar diýlip çaklanylýar. Belläp geçsek, şu ýylyň noýabr aýynda “Apple” sürüjisiz awtoulagyny çykarmaga taýynlanýandygyny mälim etdi. Onuň ilkinji nusgasynyň görkezilişiniň 2025-nji ýylda bolmagyna garaşylýar.

Aýgözel ROZMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar