«Ýylyň iň owadan awtoulagy» saýlandy

21 Dekabr 2021
1214

«Audi e-tron GT» awtoulagy Germaniýada geçirilen «Altyn rul» baýraklarynda «Ýylyň iň owadan awtoulagy» kategoriýasynda birinji ýeri eýeledi. 70 awtoulagyň gatnaşmagyndaky kategoriýada ýeňiji «Auto Bild» žurnalynyň we «Bild am Sonntag» gazetiniň okyjylarynyň ses bermeginde kesgitlenildi.

Şeýle bäsleşik hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy 1976-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ol Germaniýanyň iň gadymy awtoulag baýraklarynyň biridir.

Taýýarlan Bahar ÝUSUBOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar