Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

20 Dekabr 2021
1080

Türkmenistanyň suw akabalarynyň ugurlaryny öwrenmek gadym wagtlardan başlanypdyr. Amyderýa, Tejen, Etrek derýalaryna degişli ilkinji ýazgylara grek, arap we Merkezi Aziýa alymlarynyň, syýahatçylarynyň eserlerinden duş gelmek bolýar.

Arap geograflary Ibn-Hordad Bekiň, Ibn-Ruştäniň, Masudynyň, Istahriniň, Ibn-Haukalyň, Merkezi Aziýa geograflaryndan Muhammet Horezminiň, Mahmyt Kaşgarlynyň eserlerinde Türkmenistanyň çäklerindäki derýalaryň, kölleriň öňki ýagdaýy baradaky maglumatlar bilen bir hatarda, Amyderýanyň Sarygamyş kölüniň üsti bilen Hazar deňzine guýandygyny tassyklaýan ýazgylara-da duş gelmek bolýar.

Nurmyrat ARAZDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar