Gyz edebi — il edebi

20 Dekabr 2021
1584

Ýakynda Baýramaly şäherindäki 13-nji mekdep-internatda şäher häkimligi bilen mekdep-internatyň “Meňli” atly gyzlar klubunyň bilelikde guramagynda “Gyz edebi — il edebi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Baýramaly şäher häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Altynjemal Daňatarowa çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eşretli durmuşyň hözirini görüp, yhlasly zähmet çekýän eli çeper türkmen gelin-gyzlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygy, ula-kiçä sylag-hormat goýmalydygy, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza uly üns berilýändigi barada gürrüň berdi.

Beýleki habarlar